Ençeme orta gürp maşgalalara mesgen bolan birnäçe gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýän kiçijik kwartiralaryň birinde ýaşaýarys. Emma, biziň jaý toplumymyzy halan pişikler maşgalasynyň agzalary adamlaryň sanyndan has agdyk bolup biler. Bu dört aýaklylar, ýygnalýan penjeleri bilen öz ýabany garyndaşlary bolan ýolbarslar, gaplaňlar, garagulaklar we oselotlara guwanyp, töwerekde hiç kimden gorkmaýarlar. Dokuz jany bolan bu pişikleriň sanynyň köpelmegi hemmeleri biynjalyk edýär, emma käbirleriniň şatlanmagyna sebäp bolýar. Howlumyzdaky bu pişikleriň ýer bilen baglaşykly özleriniň berk çäklendirmeleri bar. Zemin gat, birinji we ikinji gatdaky syçançy pişikler, aşhana barýan aç, talawçy pişiklerden başga hiç-birini gözegçilik çyzgysyndan geçirmän, öz sebitlerini goraýarlar. Seki bolsa, diňe ýaşlar üçin niýetlenen, ýöne kämahallar aristokrat, irki Siam pişikler güne çoýunmak we bedenlerini ýalamak üçin hem ulanýarlar. Käbir pişikler, başga pişikleriň ýerleşip bilmejegi, asuda uky üçin oňaýly ýerleri tapýalar. Mysal üçin, garawul jaýynda ýeňil ukyda ýatan bir görgüliniň üstünden baryp bilerler. Hudaý bu pişiklere iki görnüş ses beripdir, biri myrlamak beýlekisi bolsa mawlamak üçin we töweregimizdäki birnäçe soprano pişikler, aýratyn günlerde gijeki orkestrlary bilen ähli ýaşaýjylary hüşgär saklaýarlar. Gyýkyndylardan ýasalan pişikler ýaly arassa bolmak isleýän käbir ýaşaýjylar, haçan-da bu çal pişikler olaryň zatlaryny bulaşdyran mahaly gaharlanýarlar. Ýaşaýjylaryň arasyndaky gyrgylar bu pişikleriň gamçy bilen kowulmalydygyna pugta ynanýarlar. Emma gumrylar bolsa pişigiň haýsy tarapa bökjegine garaşyp, kararsyz otyrlar. A biz bolsa, bu jogapkärçiligi kimiň alyp biljekdigini bilemzok. | Entry #33164 — Discuss 0 — Variant: Not specifiednone
Voting points | 1st | 2nd | 3rd |
---|
8 | 2 x4 | 0 | 0 |
|
Biz, birnäçe orta synp maşgalalara öý üpjün eden we köp gatly jaý toplumynda ýerleşýän kiçijik kwartiralaryň birinde ýaşaýarys. Ýöne, toplumymyza heýran bolan Felis Domestica maşgalasynyň agzalary, Homo Sapiensiň agzalaryndan has köp bolup biler. Sebäbi ýolbars, gaplaň, garagulak, we oselot ýaly öz doganoglanlary bilen öwünip bilýän bu yza çekilip bilinýän dörtaýaklar, töweregimizde hiç kimden gorkmaýar. Ýumaklaryndan dokuz jandar bolan pişikleriň köpelmegi her kimi biynjalyk edýär, ýöne köp adamlar üçin gülkünç asudalyk üpjün edýär. Bulwarymyzdaky bu pişikleriň territoriýa hakynda berk çäkleri bar. Giriş gat, birinji we ikinji gat syçanlary dolandyryş pollary boýunça aşhanalara aç reýdlerden başga gatlaryny goraýarlar. Teras diňe ýaşlar üçin goragly we käwagt gadymy Siamyň aristokratlary tarapyndan bedenini ýalamak we güne ýanmak üçin ulanylýar. Erkek pişikleriň käbiri ýatmak üçin pişigi sarsdyrjak ýer ýok ýerinde, misal üçin garyp adamy alyp gaçanda tapmagy mümkin bolan garawul ýaly, amatly burçlary tapyp bilerler. Hudaý bu pişiklere iki ses gutusyny sowgat berdi, biri hüňürlemek üçin, beýlekisi mawlamak üçin we sebitimizdäki pişik sopranosynyň käbirleri aýratyn günlerde gijeki orkestrleri bilen ähli ýaşaýjylary hüşgär edýär. Meýdandaky pişikler ýaly arassa bolmak isleýän käbir ýaşaýjylar, bu çal pişikler öz işlerini bulaşdyranda gaharlanýar. Ýaşaýjylaryň arasyndaky gyrgylar bu pişikleri dokuz guýrukly gamçy bilen kowmalydygyny guwwatly pikir edýärler. Emma kepderiler karar bermän pişigiň haýsy ýoldan bökjekdigini görmek üçin garaşýarlar. Hany, kimiň batyr mert biri boljakdygyny bilemzok. | Entry #33461 — Discuss 0 — Variant: Not specifiednone
Voting points | 1st | 2nd | 3rd |
---|
4 | 0 | 2 x2 | 0 |
|
Orta derejeli girdeýjili maşgalalaryň birnäçesine üçek we ýatak ýer berýän köpgatly ýaşaýyş jaý toplumynyň kiçi öýleriň birinde biz hem ýaşaýarys. Ýöne biziň ýaşaýyş toplumymyzy gowy gören Felis Domestica (öý pişigi) maşgalasynyň agzalarynyň jemi sany Homo Sapiens (akylly-paýhasly adam) agzalarynyň sanyndan juda artyk hem bolmagy gaty mümkin. Ýiti dyrnaklaryny içine çekip bukup bilýän bu dört aýaklylar Şirler, Gaplaňlar, Barslar we Oselotlar bilen dogan-garyndaşlygyna guwanyp bilýändikleri sebäpli biziň töweregimizdäkilerden hiç kimden gorkmazdylar. Dyrnakly penjeleri bilen dokuz janyna ýapyşýan pişikleriň köpelip barýan sany hemme kimi alada goýardy ýöne şol bir wagtyň içinde köp adama ýylgyryp gülmäge hem sebäp bererdi. Biziň köçämizde ýaşaýan pişikleriň arasynda territoriýanyň berk bölünişigi bardy. Birinji, ikinji we üçünji gatlardaky murtly syçan awçylary, bölünişik çäkleri kesip geçip aşhanalara açlyk çozuşlaryny hasaba almazdan, öz ýerlerinden daşyna çykmazdylar. Eýwan aýratynlykda diňe ýaşlar üçin saklanylardy we käwagt bireýýämki Siamlardan bolan aristokratlar tarapyndan güniň şöhlesinde ýatyp özlerini ýalap timarlamak üçin ulanylardy. Jalaý pişikleriň käbiri myrryldap ýatar ýaly içinde aýlanara ýer bolmadyk rahat, meselem, pahyr sakçynyň irkilip oturanyna duş gelip biläýjek ýerleriniň biri bolan garawulhana ýaly bukyja ýerleri tapardylar. Hudaý tarapyndan bu pişiklere iki sany ses bogunlary nesibe edilipdir: biri myrryldamak hem beýlekisi mawlamak üçin, we biziň töweregimizdäki guýrukly soprano sazandalaryň birnäçesi aýratyn ähmiýetli ýagdaýlarda gijeki aýdymlary bilen ähli ýaşaýjylary ukysyz galdyrardylar. Ýalap timarlanan ýaly arassaçylygy saklamak isleýän ýaşaýjylaryň käbiri zatlarynyň çaşyrylmagyna köçe pişiklere gahary gelerdi. Ýaşaýjylaryň içindäki has uruşjaňlylar şol pişikleriň yzyndan suw sepilip kowulmalydygyna berk ynanardylar. Ýöne parahatçylyga ymtylýan ýaşaýjylar öz pikirini belli etmän, pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli diýip, bu ýagdaýyň nirä eltjekdigine garaşardylar. Şeýlelikde, biz jogapkärçiligi öz üstüne almaga kimiň çagyryljakdygyny bilmeýäris! | Entry #33788 — Discuss 0 — Variant: Not specifiednone
translator_t (X)Türkmenistan Voting points | 1st | 2nd | 3rd |
---|
2 | 0 | 0 | 2 x1 |
|