Orta derejeli girdeýjili maşgalalaryň birnäçesine üçek we ýatak ýer berýän köpgatly ýaşaýyş jaý toplumynyň kiçi öýleriň birinde biz hem ýaşaýarys. Ýöne biziň ýaşaýyş toplumymyzy gowy gören Felis Domestica (öý pişigi) maşgalasynyň agzalarynyň jemi sany Homo Sapiens (akylly-paýhasly adam) agzalarynyň sanyndan juda artyk hem bolmagy gaty mümkin. Ýiti dyrnaklaryny içine çekip bukup bilýän bu dört aýaklylar Şirler, Gaplaňlar, Barslar we Oselotlar bilen dogan-garyndaşlygyna guwanyp bilýändikleri sebäpli biziň töweregimizdäkilerden hiç kimden gorkmazdylar. Dyrnakly penjeleri bilen dokuz janyna ýapyşýan pişikleriň köpelip barýan sany hemme kimi alada goýardy ýöne şol bir wagtyň içinde köp adama ýylgyryp gülmäge hem sebäp bererdi.
Biziň köçämizde ýaşaýan pişikleriň arasynda territoriýanyň berk bölünişigi bardy. Birinji, ikinji we üçünji gatlardaky murtly syçan awçylary, bölünişik çäkleri kesip geçip aşhanalara açlyk çozuşlaryny hasaba almazdan, öz ýerlerinden daşyna çykmazdylar. Eýwan aýratynlykda diňe ýaşlar üçin saklanylardy we käwagt bireýýämki Siamlardan bolan aristokratlar tarapyndan güniň şöhlesinde ýatyp özlerini ýalap timarlamak üçin ulanylardy. Jalaý pişikleriň käbiri myrryldap ýatar ýaly içinde aýlanara ýer bolmadyk rahat, meselem, pahyr sakçynyň irkilip oturanyna duş gelip biläýjek ýerleriniň biri bolan garawulhana ýaly bukyja ýerleri tapardylar. Hudaý tarapyndan bu pişiklere iki sany ses bogunlary nesibe edilipdir: biri myrryldamak hem beýlekisi mawlamak üçin, we biziň töweregimizdäki guýrukly soprano sazandalaryň birnäçesi aýratyn ähmiýetli ýagdaýlarda gijeki aýdymlary bilen ähli ýaşaýjylary ukysyz galdyrardylar.
Ýalap timarlanan ýaly arassaçylygy saklamak isleýän ýaşaýjylaryň käbiri zatlarynyň çaşyrylmagyna köçe pişiklere gahary gelerdi. Ýaşaýjylaryň içindäki has uruşjaňlylar şol pişikleriň yzyndan suw sepilip kowulmalydygyna berk ynanardylar. Ýöne parahatçylyga ymtylýan ýaşaýjylar öz pikirini belli etmän, pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli diýip, bu ýagdaýyň nirä eltjekdigine garaşardylar. Şeýlelikde, biz jogapkärçiligi öz üstüne almaga kimiň çagyryljakdygyny bilmeýäris!